Turkmenportal logo
28.01.18
87598759
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
7-nji fewralda «Täze zaman» obasynyň täze tapgyry açylyp, ulanylmaga berler

26-njy ýanwarda geçirilen Hökümet Mejlisinde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow «Täze zaman» obasynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasynyň 7-nji fewralda boljakdygyny habar berdi.


«Täze zaman» häzirki wagtda ýurduň esasy döwrebap obalarynyň biri bolmak bilen, geçen ýyllaryň dowamynda onuň ýaşaýyş toplumlary  tapgyrlaýyn ulanylmaga berildi. 7-nji fewralda boljak açylyş dabarasynda hem ildeşlerimiziň ýüzlerçe maşgalasy ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bararlar.