Turkmenportal logo
29.12.17
22012201
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Russiýa Federasiýasyny Owganystanyň çäklerinden Pakistana we Hindistana geçýän gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga çagyrýar — Putin

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýany Owganystanyň üsti bilen Pakistana we Hindistana geçýän gaz geçiriji ulgamyň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşmaga çagyrdy, diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.


«Şu gün men Türkmenistanyň Prezidenti bilen gürleşdim. Ol Owganystanyň üsti bilen goňşy ýurtlara — Pakistana, Hindistana gaz geçiriji ulgamy gurmagyň meýilnamalary barada belledi we bizi oňa gatnaşmaga çagyrýar» diýip W.Putin Federal Geňeş palatalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda aýtdy.


Onuň bellemegine görä, Owganystanda amala aşyrylýan, şol sanda Türkmenistan tarapyndan käbir taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Elbetde, bu ugurdaky taslamalaryň durmuşa geçiriliş derejesiniň näderejededigine seretmeli bolar» - diýip Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti aýtdy.