Turkmenportal logo
24.10.17
43234323
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Süleýman Orazow: ol diňe oýun gurnaýjy däl

Futbol boýunça milli çempionatymyzyň öňdebaryjysy «Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Süleýman Orazow 28-nji tapgyrda «Köpetdag» bilen geçirilen duşuşykda iki gezek tapawutlanyp, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy. «Ahalyň» oýunlarynda, esasan, merkezde oýun gurnaýjy höküminde ýatda galan ýarym goragçy bu gezekki duşuşygyň 15-nji hem-de 45-nji minutlarynda tapawutlanyp, toparynyň birinji we üçünji goluny öz adyna ýazdyrdy.


Şeýlelikde, S.Orazowyň möwsümdäki gollarynyň sany 3-e ýetdi. Ol çempionatda mundan öň 18-nji tapgyrda tapawutlanypdy. «Aşgabat» bilen geçirilen şol duşuşykda 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan tejribeli futbolçy toparynyň ikinji goluny geçiripdi. Duşuşyk bolsa 3:0 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlanypdy.