Turkmenportal logo
15.09.17
16131613
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Aşgabat 2017-ä” gatnaşyjy döwletleriň baýdak galdyrmak dabarasyndan interwýu: Ali Mohsen Ali KHOUSROF, Ýemeniň jiu-jitsu boýunça ýygyndy toparynyň agzasy

— Ynanyň, men tüýs ýürekden aýdýan, öz Watanyň Döwlet senasyny gaýry bir ýurtda diňlemek ýa-da Döwlet baýdagyňyň başga bir döwletde belende galdyrylanyny synlamak juda täsin duýgy. Ýemeniň Döwlet senasy ýaňlanyp, baýdagymyz — milli buýsanjymyz belende göterilende, dogrusy, gözüme ýaş aýlaman durup bilmedim. Özem biz bu mukaddesliklerimiziň arzylanşyna Aziýanyň iň gowy, iň owadan şäherleriniň birinde şaýat bolýarys. Bu zatlar milli buýsanjyňy çür depä çykarýar. Biz indi birnäçe günden bäri Aşgabadyň myhmany. Ýaşaýan ýerimiz bilen ýaryşlaryň geçiriljek toplumy bir ýerde ýerleşýär. Bu hiç bir halkara ýaryşda-da görüp-eşiden zadymyz däl. Biz bu ýerde gije-gündiziň her bir sekundynda Aziadanyň, sportuň ruhunda ýaşaýarys. Bu bolsa ýaryşlara ünsümizi jemlemäge uly ýardam berýär.


Ýemeniň jiu-jitsu boýunça ýygyndysy Aşgabada 7 türgen bilen geldi. Biziň türgenlerimiziň ählisi hem halkara ýaryşlaryň ýeňijileri. Biz olaryň ählisinden medala garaşýarys. Meniň özüm Ýaponiýada, Koreýada we Fransiýada geçirilen halkara ýaryşlara gatnaşdym. Aziýa çempionatynda bir bürünç medalym, arap ýurtlarynyň birinjiliginde altyn medalym bar. Üstünliklerimizi Aşgabatda hem dowam etdirjekdigimize ynanýarys.