Turkmenportal logo
26.08.17
85848584
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurban baýramynyň günleri iş güni däl diýlip yglan edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny aýawly saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.


Resminama laýyklykda, Gurban baýramynyň bellenilýän günleri bolan 2017-nji ýylyň 2-nji, 3-nji, 4-nji sentýabry iş güni däl diýilip yglan edildi.


Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen 2017-nji ýylyň 3-sentabryndaky ýekşenbe güni 5-nji sentýabra—sişenbe gününe geçirildi.


Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edara-kärhanalara we guramalara bu Permanyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek tabşyryldy.