Turkmenportal logo
18.08.17
1683216832
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Aşgabat 2017-niň» futzal ýaryşlary üçin bije çekilşik geçirildi

Şu gün V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetde sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň futzal ýaryşlarynyň bije çekilşigi geçirildi. Mälim bolşy ýaly, yklymyň sport baýramçylygynyň futzal ýaryşyna ýurdumyzdan Keoheý Nakamuranyň ýolbaşçylygyndaky erkekler hem-de Kamil Mingazowyň ýolbaşçylygyndaky zenanlar ýygynydy toparlarymyz gatnaşýar.


«Aşgabat 2017-niň» futzal ýaryşlaryna gatnaşmak üçin erkekleriň arasyndaky ýaryşa biziň türgenlerimizden başga 17 döwletden, zenanlaryň arasyndaky ýaryşa bolsa 8 döwletden sargytnama gelip gowuşdy. Şeýlelikde, «Aşgabat 2017-niň» futzal ýaryşlary üçin goýlan medallar ugrunda erkekler ýygyndylarynyň 18-si, zenan ýygyndylarynyň 9-sy ýaryşar.


Has takygy, erkekleriň arasyndaky ýaryşa Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Gongkongyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Hytaý Taýpeýiniň, Indoneziýanyň, Iordaniýanyň Liwanyň, Maldiw adalarynyň, Solomon adalarynyň, Taýlandyň, Taitiniň,  Türkmenistanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Wýetnamyň we Ýaponiýanyň milli ýygyndylary gatnaşar. Zenanlaryň arasyndaky ýaryş bolsa Gonkongyň, Hytaýyň, Indoneziýanyň, Taýlandyň, Türkmenistanyň, Palestinanyň, Wýetnamyň we Ýaponiýanyň futzalçy zenanlarynyň arasynda geçiriler.


Bije çekilşigiň netijesinde, erkekler dört, zenanlar üç toparçada ýaryşmaly edildi. Erkekleriň 18 ýygyndysy «A» we «B» toparçalarda 5, «Ç» hem-de «D» toparçadalarda 4 ýygyndy görnüşinde ýaryşar. Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa her toparçada 3 ýygyndy ýerleşdirildi.


Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň ikisem «A» toparçada çykyş eder. Futzal janköýerleri 16-njy sentýabrda zenan futzalçylarymyzyň, 18-nji sentýabrda bolsa erkekleriň ilkinji duşuşygyna tomaşa edip bilerler.


16-njy sentýabrda badalga beriljek futzal ýaryşlary bir bada iki meýdançada ugurdaş geçiriler. Toparçalaýyn duşuşyklar 16 — 21-nji sentýabr aralygynda, 22-nji sentýbardaky arakesmeden soň, erkekleriň arasyndaky çärýek final duşuşyklary 23-nji sentýabrda, erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky ýarym final duşuşyklary 24-nji sentýabrda, zenanlaryň arasynda üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary 25-nji sentýabrda, erkekleriň arasynda üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary bolsa 26-njy sentýabrda geçiriler. Duşuşyklaryň tertibi şu habar bilen birlikde ýerleşdirilen suratda doly berlendir. Siziň ähliňizi «Aşgabat 2017-niň» futzal duşuşyklarynda hoş gördük!


«Aşgabat 2017-niň» futzal ýaryşynyň toparçalary şu aşakdaky tertipde:


Erkekler:


«A» toparça


Türkmenistan


Wýetnam


Hytaý Taýpeýi


Gongkong


Solomon adalary


 


«B» toparça


Özbegistan


Hytaý


Owganystan


Birleşen Arap Emirlikleri


Maldiw adalary


 


«Ç» toparça


Taýland


Ýaponiýa


Liwan


Indoneziýa


 


«D» toparça


Eýran


Gyrgyzystan


Iordaniýa


Taiti.


 


Zenanlar:


«A» toparça:


Türkmenistan


Taýland


Palestina


 


«B» toparça


Eýran


Gonkong


Indoneziýa


 


«Ç» toparça


Ýaponiýa


Hytaý


Wýetnam