20-nji dekabrda «ART NOKADY» konsert zalynda «PRO МУЗЫКУ с Владимиром Мкртумовым» taslamasynyň Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek ýörite konserti bolar.
Täze konsert maksatnamasyna «Täze ýylyň kody. Bahdan Tariwerdiýewe çenli. Täsinligi küýsemek» diýlip at berildi. Guramaçylar tomaşaçylara dürli döwürleriň, saz ugurlarynyň we duýgularyň özboluşly sazlaşygyny wada berýärler.
Şol agşam konsert zalynyň sahnasynda gyş baýramynyň aýrylmaz bölegine öwrülen meşhur saz eserleri ýaňlanar. Olaryň hatarynda Ýohann Sebastýan Bahyň barokko döwrüne mahsus ajaýyp saz eserleri, Pýotr Çaýkowskiýniň meşhur «Святки» («Keramatly günler») eseri, şeýle-de meşhur kino sazlarynyň inçe duýguly fortepiano ýerine ýetirilişleri, şol sanda Mikael Tariwerdiýewiň kalbyňa täsir edýän kompozisiýalary bar.
Bu konsert diňe bir hemmelere tanyş saz eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmän, eýsem, hut şu sazlaryň näme üçin onlarça ýylyň dowamynda adamlara çagalyk ýyllaryndaky täsinlige bolan ynam we täsinlik duýgusyny gaýtadan ýaşadýandygyny açyp görkezmäge gönükdirilendir.
«PRO МУЗЫКУ» taslamasynyň däbine görä, konsertiň dowamynda bu saz eserleriniň dörediliş taryhy, şol sanda gyzykly we kähalatlarda täsin wakalar barada janly gürrüňler berler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow konsertiň myhmanlary üçin Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ýörite garaşylmadyk sowgat taýýarlady.
Konsert sagat 18:00-da başlanýar.
Geçiriljek ýeri: «Arkaç» işewürlik merkezindäki «ART NOKADY» konsert zaly.
Petekleri satyn almak üçin telefon belgileri: +993 63 50-88-77, +993 64 03-74-56, +993 63 46-71-77.
