Turkmenportal
Düýn 20:12
36263626
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat maslahatynyň çäklerinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň wise-prezidenti we Demografik üýtgeşmeler we howpsuzlyk boýunça ýörite wekili Gudrun Kugler bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bagly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Duşuşykda myhman  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we onuň Parlament Assambleýasynyň Türkmenistanyň iň ygtybarly we strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy, Mejlisiň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňeldilmegine we işjeňleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. 

Duşuşygyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen ýurduň başlangyjy bilen, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň,  bu babatda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň, şeýle hem  «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» ady bilen geçirilýän üçünji Aşgabat maslahatynyň halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara gatnaşyklaryň kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, şeýle hem döwletleriň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga, dialogy, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dabaralandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi.