Turkmenportal
Düýn 20:06
36833683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda türkmen wekiliýeti bilen ÝHHG-niň degişli ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
Aşgabatda türkmen wekiliýeti bilen ÝHHG-niň degişli ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Şu gün «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  maslahatynyň çäklerinde  ÝHHG-niň Başlygynyň dialogy we ynamy pugtalandyrmagy ilerletmek boýunça ýörite wekili ilçi Serž Rýumen we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy ilçi William Lif bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri bilen bagly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.

Duşuşykda ilçiler  Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň  kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy we onuň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygy uly kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen, energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti  babatda kabul edilen kararnamalaryň ähmiýeti barada durlup geçildi. 

«ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» ady bilen geçirilýän üçünji Aşgabat maslahatynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany durmuşa geçirmekde, şeýle hem halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygy nygtaldy.