«IT NOKADY» halkara IT-akademiýasy dizaýn boýunça okuwlara kabul edişligi açdy. Okyw maksatnamasy döredijilikli pikirlenişi ösdürmek, maksatlary durmuşa geçirmek we öz sanly taslamalaryny döretmek isleýänler üçin niýetlenendir.
Okuwyň çäklerinde okuwçylar häzirki zaman dizaýnynyň birnäçe ugurlary bilen tanşarlar we möhüm gurallary özleşdirerler:
Grafiki dizaýn. Okuwçylar reňk, şriftler we kompozisiýa bilen işlemegi, şeýle hem logotipleri, posterleri, illýustrasiýalary we beýleki döredijilik işlerini döretmegi öwrenerler.
UI/UX-dizaýn. Okuw saýtlar we ykjam goşundylar üçin amatly hem-de özüne çekiji interfeýsleri döretmäge bagyşlanandyr: sahypalaryň gurluşyny oýlanyşykly düzmekden başlap, ulanyjylaryň rahatlygyny nazara alyp bezemeklige çenli ähli tapgyrlary öz içine alýar.
Web-dizaýn. Okuwçylar saýtlary bezemegiň ýörelgelerini özleşdirerler, sazlaşykly taslamalary döretmegi we web-sahypalaryň dizaýnyny işläp düzmegi öwrenerler.
Blender-de 3D-dizaýn. Gatnaşyjylar 3D-modelirlemegiň esaslaryny öwrenerler, göwrümli obýektleri döretmegi, materiallar we yşyklandyryş bilen işlemegi, şeýle hem öz taslamalaryny wizuallaşdyrmagy başararlar.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu okuwlar döredijilik we wizual pikirlenmäni ösdürmäge, dizaýnyň dürli ugurlarynda amaly endikleri öwrenmäge we öz taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Bu başarnyklar häzirki zaman sanly ulgamynda uly islegden peýdalanýar.
Ýazylyşyk barada giňişleýin maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: +993 (63) 47-11-92, +993 (63) 42-67-51.
