Turkmenportal
Düýn 17:07
81958195
Mahabat
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Toyota Garagum Ulag» kompaniýasynyň hünärmenleri «National Skill Contest 2026» bäsleşiginde üç sany baýrakly orny eýelediler
«Toyota Garagum Ulag» kompaniýasynyň hünärmenleri «National Skill Contest 2026» bäsleşiginde üç sany baýrakly orny eýelediler

«Toyota» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Toyota Garagum Ulag» kompaniýasynyň işgärleri «National Skill Contest 2026» hünär bäsleşiginiň baýrakly orunlaryna mynasyp boldular. Kompaniýadan gatnaşan dört hünärmeniň üçüsi baýrakly orunlary eýelemegi başardy.

«Toyota Central Asia» tarapyndan guralan bäsleşik 5–6-njy noýabrda Daşkent şäherinde geçirildi. Onda hünärmenler öz hünär bilimlerini we başarnyklaryny görkezdiler, olaryň işine bolsa garaşsyz eminler topary baha berdi. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 6-njy noýabrda geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakly orunlary eýelänler:

  • 1-nji orun — Serdar Selimow, hyzmat boýunça geňeşçi;

  • 2-nji orun — Gurban Sapargylyjow, ätiýaçlyk şaýlary bölüminiň müdiri;

  • 3-nji orun — Aýjeren Annaýarowa, müşderiler bilen işlemek boýunça hünärmen (CR Specialist).

Bir bäsleşigiň çäklerinde gazanylan üç baýrak kompaniýa üçin rekord netije boldy.

«Garagum Ulag» kompaniýasy 2009-njy ýyldan bäri «Toyota-nyň» Türkmenistandaky resmi dileri bolup durýar. Iş alyp barýan 17 ýyldan gowrak döwrüniň dowamyndakompaniýa hyzmat infrastrukturasyny ösdürýär, hyzmat standartlaryny kämilleşdirýär we işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmaga maýa goýýar.

«Hyzmat edişiň hili we müşderileriň ynamy toparyň hünär ussatlygyndan başlanýar. Şonuň üçin hem yzygiderli okuwlar, hünär derejesini ýokarlandyrmak we «Toyota-nyň» halkara standartlaryna eýermek biziň işimiziň möhüm bölegi bolmagynda galýar» diýip, kompaniýada bellediler.

«Garagum Ulag» kompaniýasynda kärdeşlerini mynasyp bolan baýraklary bilen gutlap, bu netijäniň agzybir toparlaýyn işiň, toplanan tejribäniň we kämillige ymtylyşyň netijesinde mümkin bolandygyny nygtadylar.