Şu gün Polşada öz işine başlan «FAST TEXTILE 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň pawiliony açyldy.
Türkmenistanyň pawiliony ýurdumyzyň dokma kärhanalaryny, fabriklerini we önümçilik toplumlaryny birleşdirdi. Sergä gelýänler Türkmenistanyň dokma önümleriniň giň görnüşleri, ýagny ýüplüklerden we matalardan başlap, taýýar önümlere çenli dürli görnüşler bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.
Sergi 19-njy noýabra çenli dowam eder. Üç günüň dowamynda türkmen kärhanalarynyň wekilleri B2B görnüşindäki işewür duşuşyklary geçirip, önümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrarlar hem-de täze bazarlara çykmagyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Türkmen sergisini «Turkmen Expo» kompaniýasy guraýar. Ol serginiň resmi hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.
«FAST TEXTILE» Polşanyň dokma senagatyndaky esasy ýöriteleşdirilen sergi meýdançalarynyň biridir. Ol öndürijileri, üpjün edijileri, halkara brendleri, distribýutorlary we lomaý alyjylary bir ýere jemleýär. Serginiň öňki ýyllardaky netijelerine görä, oňa 40 ýurtdan 14 600-den gowrak hünärmen we ýüzlerçe kompaniýa gatnaşdy. Sergi Polşanyň Žguw şäherindäki «Ptak Expo Łódź» sergi merkezinde geçirilýär.
