Adamzat siwilizasiýany ösdürmek üçin möhüm bolan ähli energiýany Günden alar. Işewür Ilon Mask şeýle pikiri aýtdy diýip, TASS agentligi ýazýar.
Bu baradaky pikirini «X» sosial torunda paýlaşan telekeçi milliarder munuň matematiki kanunalaýyklykdygyny nygtady.
Ilon Mask öň birnäçe gezek emeli aňyň hasaplaýyş kuwwatlyklaryny Gün energiýasyny peýdalanýan kosmos enjamlary görnüşinde älemde ýerleşdirmek barada çykyş edipdi.
