Turkmenportal
Düýn 15:51
52905290
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat Maslahaty öz işine başlady
«ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat Maslahaty öz işine başlady

Şu gün Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň orny» atly üçünji Aşgabat  maslahaty öz işine başlady. Bu barada Mejlis habar berýär.

Iki günläp dowam etjek, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň wekilçilikli maslahatda parlamentariler dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň ugurlary, daşky gurşawyň howpsuzlygyny, howanyň durnuklylygyny üpjün etmekde we tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almakda, tehnologiýalaryň ösüşini öňünden çaklamakda hem-de howpsuz, ynsanperwer, demokratik geljegi gurmakda halkara hukugynyň we parlament işiniň möhüm orny babatda özara pikir we tejribe alşarlar.