16–17-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda «Çökgünliklere garşy dolandyryşyň ählumumy we sebit tejribesi: gysga we uzak möhletleýin geljekde täze şertlere uýgunlaşmagyň şertleri we mümkinçilikleri» atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde garyşyk görnüşde guraldy.

Çäre BMGÖM-niň «Ýakyn Gündogardaky söwda we ulag-logistika pudagyndaky çökgünlige garşy çäreler» atly ählumumy başlangyjynyň çäklerinde geçirildi. Onuň esasy maksady döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň wekilleriniň häzirki zaman kadalaşdyryş mehanizmlerini ulanmak boýunça habarlylygyny ýokarlandyrmakdan we institusional mümkinçiliklerini pugtalandyrmakdan, şeýle hem Ýakyn Gündogardaky durnuksyzlygyň dünýä, sebit we milli ykdysadyýete ýetirýän täsirine toplumlaýyn baha bermekden ybarat boldy.
Okuw maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň esasy ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe institutlarynyň hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilermenleriň mejlislerine gatnaşdylar. Olarda 2008–2026-njy ýyllar aralygynda dünýäde we sebitde ýüze çykan ykdysady sarsgynlar, şeýle hem dünýä bazarlaryndaky üýtgeşmelere uýgunlaşmak boýunça halkara we sebit tejribesi seljerildi.
Okuw maslahatyň dowamynda ýurduň söwda, hususy pudak we ulag-logistika ulgamy üçin häzirki döwürde möhüm bolan töwekgelçiliklere we wehimlere, şeýle hem olaryň daşarky ykdysady sarsgynlara durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň çemeleşmelerine garaldy.

Milli seljeriş işleriniň netijelerine we ykdysadyýetiň daşarky sarsgynlara gowşaklygyny azaltmaga, söwda akymlarynyň üznüksizligini üpjün etmäge hem-de üpjünçilik zynjyrlaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen Hereketler meýilnamasynyň esasyny düzjek amaly teklipleri işläp taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
BMGÖM-niň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda bellenilişi ýaly, bu başlangyç özgerýän ählumumy ykdysady şertlerde Türkmenistanyň ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga, ygtybarly söwda we ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
