Turkmenportal
Düýn 14:42
51055105
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berlinde ýüzlerçe adam bir sentlik döner üçin nobata durdy
Berlinde ýüzlerçe adam bir sentlik döner üçin nobata durdy
Surat: vesti.ru

Berliniň Prenslauer-Berg etrabyndaky Zagros atly döner nokadynda uzynlygy 300 metre ýetýän nobat döredi, täze açylan garbanyşhana ilkinji iş güni kebaby bary-ýogy 1 sentden müşderilere hödürledi diýip, «Bild» neşiri habar berdi. Ýekşenbe güni ol ýerde 600 adam nobata durdy.

Adaty towuk döneri Berlinde sekiz ýewro deňdir.

Gazetiň ýazmagyna görä, täze döner nokadyny Germaniýa 2018-nji ýylda Eýrandan göçüp baran Hosseýnileriň maşgalasy açypdyr. Häzir bu maşgalanyň Berlinde iki döner naharhanasy bar, olar ýene birini açmaga taýýarlyk görýärler.