Turkmenportal
Düýn 14:21
73307330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze çykyşlarynyň maksatnamasyny hödürlär
Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze çykyşlarynyň maksatnamasyny hödürlär

Türkmenistanyň Döwlet sirki 22-nji noýabrda täze möwsümini açyp, tomaşaçylara täze çykyşlaryny hödürlär.

Maksatnamanyň çäklerinde halkara sirk festiwallarynyň alty gezek ýeňijisi bolan we baş baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, şeýle hem «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary görkeziler. Mundan başga-da, tomaşaçylara dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen, ýokary derejede tälim berlen täsin haýwanlaryň çykyşlary hödürlener.

Goşmaça maglumat almak we petekleri sargyt etmek üçin aşakdaky telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 36-10-95, 36-10-34, 39-80-44, 39-80-45.