Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri senator Muhammet Ishak Dar Yslamabat şäherinde türkmen-pakistan hökümetara toparyň 6-njy mejlisini geçirdiler. Pakistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, çäre Pakistanyň Daşary işler ministrliginde boldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de söwda we maýa goýum, energetika, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, ulag we aragatnaşyk, senagat, IT we telekommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, bank we maliýe, syýahatçylyk, sport hem-de medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollaryna seretdiler
Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge, üstaşyr söwda we sebit ara baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Türkmen we pakistan taraplary işewür toparlaryň arasyndaky has ýakyn hyzmatdaşlygyň, edaralarara hyzmatdaşlygyň we ynsanperwer alyş-çalyşlaryň wajypdygyny nygtadylar.
Pakistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy köp ýyllyk dostlugy anyk netijelere öwürmek üçin bilelikdäki işçi toparlary, pudagara ýakyn utgaşdyrma we ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik arkaly gazanylan ylalaşyklaryň netijeli durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Mejlise Pakistan tarapyndan energetika ministri, söwda ministri, nebit ministri, federal bilim we hünär taýýarlygy boýunça döwlet ministri, milli miras we medeniýet boýunça döwlet ministri, şeýle hem degişli ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
