Kanar adalaryna rekord derejede migrantlar geldiler, olaryň sany 1488 adama deň. Bu bir günde 1461 adamyň halas edilen 2020-nji ýylyň noýabryndan bäri iň köp görkezijidir. Migrantlaryň esasy bölegini Senegaldan, Gambiýadan we Gwinei-Bisaudan gelenler düzýär.
Oktýabrdan bäri ada migrantlaryň gelmeginiň ýokarlanmagy ýerli kabul ediş gulluklaryna agram salýar. Aýratyn hem iň kiçi meýdanly we az ilatly El-Ýewrro adasy bu meselede kynçylyga uçrady diýlip, habarda bellenýär.
