Turkmenportal
Düýn 12:22
44524452
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mirziýoýew döwlet sapary bilen Omanda bolar
Mirziýoýew döwlet sapary bilen Omanda bolar
Surat: daryo.uz

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-17-nji noýabrda Omanyň Soltany Heýsam bin Tarik Al Saidiň çakylygy boýunça bu ýurda döwlet saparyny amala aşyrar. Maskat şäherinde bolmagyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem-de beýleki çäreler geçiriler.

Öňde duran saparyň gün tertibine özbek-oman gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak, söwda, maýa goýum we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem medeni-gumanitar we syýahatçylyk alyşmalaryny işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň we ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekiler diýip, «Daryo.uz» habar berdi.