Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agzasy bolan Gazagystan towuk ýumurtgasynyň ýurda getirilmegine gadaganlyk girizdi. Degişli karary ýurduň Oba hojalyk ministrligi çykardy diýip, «Zakon.kz» portalyna salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Çäklendirme iki aý dowam eder. Ol hatda Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň agza ýurtlaryna hem degişli bolar. Diňe Gazagystanyň üsti bilen towuk ýumurtgasynyň üstaşyr geçirilmegine rugsat ediler.
