Türkmenistan bilen Pakistan Merkezi we Günorta Aziýany birleşdirjek iri elektrik energiýasyny geçiriji taslama boýunça tehniki hyzmatdaşlygy çaltlandyrmak barada ylalaşdylar. Mundan başga-da, taraplar Pakistanda elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, sebitde elektrik energiýasyny ibermegiň täze ugurlaryny öwrenmegi maksat edinýärler. Bu barada thecraftnews.com saýty habar berýär.
Degişli ylalaşyk Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparowyň Pakistanyň federal energetika ministri (Elektrik energiýasy boýunça müdirlik) Sardar Awais Ahmad Han Legari bilen Yslamabatda geçiren duşuşygynyň dowamynda gazanyldy. Duşuşykda taraplar energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, elektrik energiýasynyň serhetüsti geçirilişini we energetika ulgamlarynyň sebitara özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň esasy meseleleriniň biri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TAP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boldy. Taslama elektrik energiýasyny Türkmenistanyň çäginden Owganystanyň üsti bilen Pakistana ibermegi göz öňünde tutýar.
Sardar Legari Türkmenistany Merkezi we Günorta Aziýanyň arasynda elektrik energiýasyny geçirmek we söwda etmek boýunça CASA-1000 taslamasyna goşulmaga çagyrdy. Bu taslama iki sebitiň ýurtlarynyň arasynda elektrik energiýasy söwdasyny ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir. Ministriň bellemegine görä, Pakistan şeýle-de Täjigistana we Gyrgyzystana sebitde elektrik energiýasynyň alyş-çalşyny giňeltmek maksady bilen, CASA-1000 ulgamyny Özbegistanyň we Türkmenistanyň ugruna giňeltmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.
Pakistanyň geljekde elektrik energiýasyna bolan zerurlyklary barada durup geçmek bilen, ministr Gwadar şäherinde senagat we täjirçilik işleriniň ösdürilmeginiň elektrik energiýasyna bolan islegiň ep-esli artmagyna getirjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistana we Eýrana Eýranyň elektrik geçiriji ulgamy arkaly Gwadara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi. Bu teklibe we onuň tehniki taýdan amala aşyrylyp bilinjekdigine gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň bilermenlerinden ybarat bilelikdäki topar tarapyndan baha berlip bilner.
Sardar Legari Pakistanyň sebit energetika bazarlaryny integrirlemäge we sarp edijileri elýeterli bahalardan elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge ygrarlydygyny tassyklady. Ol serhetüsti energetika taslamalarynyň uzak möhletleýin üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin olaryň ykdysady we maliýe taýdan durnukly bolmagynyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ministr häzirki wagtda Pakistanda elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatlyklaryň artykmaçlygynyň bardygyny we ýurduň bäsdeşlige esaslanýan elektrik energiýasy bazaryny döretmäge tarap hereket edýändigini belledi.
CASA-1000 taslamasy barada aýdyp, ministr hereket edýän bir taraplaýyn elektrik energiýasyny geçirmek ulgamyny iki taraplaýyn ulgama öwürmegiň mümkin bolan artykmaçlyklaryna ünsi çekdi. Onuň sözlerine görä, bu gatnaşyjy ýurtlara möwsümleýin we ulanyş zerurlyklaryny nazara almak bilen, elektrik energiýasyny özara alyşmaga mümkinçilik berer hem-de taslamanyň täjirçilik taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrar.
TAP taslamasy barada aýdylanda bolsa, Sardar Legari onuň durmuşa geçirilmegini ilerletmek üçin tehniki maglumatlaryň ýedi esasy toplumynyň zerurdygyny, Pakistanyň şolaryň üçüsini eýýäm hödürländigini habar berdi. Ol Türkmenistany galan tehniki maglumatlary taýýarlamagy we bermegi çaltlandyrmaga çagyrdy. Şeýle hem taslamany durmuşa geçirmegiň anyk ýol kartasyny kesgitlemek maksady bilen, ýakyn hepdelerde iki ýurduň tehniki iş toparlarynyň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow öz ýurdunyň TAP taslamasyny tamamlamaga ygrarlydygyny tassyklady we Pakistan hökümetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Ministriň bellemegine görä, Türkmenistan elektrik geçirijiniň Owganystan bilen serhetleşýän ýerine çenli gurluşyk-gurnama işlerini eýýäm tamamlady. Taslamanyň galan tapgyrlary hem-de onuň amala aşyrylyş mümkinçiligine baha bermek meseleleri tehniki maslahatlaşmalaryň dowamynda işlenip taýýarlanylar.
Annageldi Saparow Owganystanyň çäginden Kwetta şäherine çenli uzynlygy 1150 kilometre barabar boljak elektrik geçirijiniň 500 kilowolt güýjenmede işlejekdigini, onuň meýilleşdirilýän geçirijilik kuwwatynyň bolsa 1200 megawata deň boljakdygyny habar berdi. Şeýle hem ol taslamanyň sebitde 300 milliondan gowrak adamy elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.
Türkmenistanyň energetika ministri Pakistan tarapyndan hödürlenen tehniki maglumatlary makullady we ýurdunyň ýetmeýän maglumatlary ýakyn wagtda berjekdigine ynandyrdy. Şeýle hem ol taslama boýunça çözülmedik meseleleriň kadalaşdyrylmagy bilen bagly işlere hut özüniň gözegçilik etjekdigini aýtdy.
Taraplar tehniki meseleleri çözmek, tehniki-ykdysady esaslandyrma işlerini tamamlamak we taslamany durmuşa geçirmek tapgyryna geçmek maksady bilen, bellenen utgaşdyryjylaryň arasynda yzygiderli onlaýn we ýüzbe-ýüz aragatnaşygy saklamak barada ylalaşdylar.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Pakistan energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem täjirçilik taýdan esaslandyrylan serhetüsti taslamalaryň hasabyna sebitde energetika ulgamlarynyň özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
