16–18-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) «Türkmenistanda ýerli maslahatçylar üçin eksporty ösdürmek» maksatnamasynyň ikinji tapgyry boýunça okuw geçirildi.
Bu maksatnama ÝTÖB tarapyndan «Export Hyzmat» kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär. «Eksporty ösdürmekde elektron söwda, emeli aň we agent esasly söwda» atly okuwyň ikinji tapgyry kärhanalara öz önümlerini daşary ýurt bazarlarynda ýerlemäge ýardam berýän sanly gurallara bagyşlandy.
Ikinji tapgyryň okuw sapaklary her gün birmeňzeş tertipde guraldy: irden nazary okuw sapaklary, günortandan soň bolsa tälimçiniň ýolbaşçylygynda noutbuklaryň kömegi bilen amaly işler geçirildi.
Okuwa gatnaşyjylar häzirki zaman emeli aň gurallarynyň mümkinçiliklerini we çäklendirmelerini öwrendiler. Şeýle hem adaty emeli aň hyzmatlarynyň awtomatlaşdyrma ulgamlaryndan we ulanyjynyň tabşyrygy boýunça özbaşdak hereketleriň yzygiderliligini ýerine ýetirýän programmalar — emeli aň agentlerinden nähili tapawutlanýandygyna düşündiler. Mundan başga-da, olar elektron söwdanyň içerki iş ýagdaýlary, şol sanda gündelik gaýtalanýan amallary awtomatlaşdyrmak, harytlaryň maglumatlary, kataloglary we görnüşleri bilen işlemek boýunça bilimlerini artdyrdylar. Okuwyň dowamynda emeli aňyň web-dizaýnda ulanylyşy, internet dükanlaryň gelýän müşderiler üçin has amatly edilmegi, şeýle hem gözleg ulgamlary üçin optimallaşdyrylan (SEO) mazmuny internetde ýerleşdirmegiň usullary barada hem maglumat berildi.
Bu gurallary özleşdirmegiň netijesinde ýerli maslahatçylar kärhanalara internet arkaly satuwlary guramak, harytlaryň maglumatlary bilen işlemek we önümleri onlaýn arkaly tanatmak boýunça has giň mümkinçilikleri hödürläp bilerler.
