«Tehnika Dünýäsi» hojalyk jemgyýeti 2026-njy ýylyň 1-nji dekabryndan başlap, Türkmenistanyň ýaşlary üçin durmuş tehnikalaryny we elektron enjamlaryny abatlamak boýunça interaktiw ussatlyk sapaklarynyň tapgyryny geçirip başlaýar.
Bellenilişi ýaly, kompaniýanyň bu başlangyjy ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermäge we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Okuw sapaklary «Tehnika Dünýäsi» hojalyk jemgyýetiniň ygtyýarly hyzmat merkezinde tejribeli ussatlaryň ýolbaşçylygynda maglumat beriş hyzmatlary we tehniki maslahatlar görnüşinde geçirilýär. Maslahatlar iki görnüşde guralýar: ussatlyk sapaklary (maglumat-tehniki okuwlar) hem-de hakyky abatlaýyş ýagdaýlaryny jikme-jik seljermek arkaly geçirilýän amaly sapaklar.
Gatnaşyjylar aşakdaky üç ugurdan birini saýlap bilerler:
uly durmuş tehnikalary: kir ýuwujy we gap-gaç ýuwujy maşynlar, sowadyjylar, kondisionerler, mikrotolkunly peçler;
kiçi durmuş tehnikalary: tozan sorujylar, ütükler, elektrik çäýnekler, kofe maşynlary, blenderler, ýyladyjy enjamlar we beýleki durmuş enjamlary;
durmuş elektronikasy: telewizorlar, smartfonlar, monitorlar.
Gurnaýjylaryň sözlerine görä, taslamanyň esasy maksady ýaşlaryň tehniki başarnyklaryny ösdürmek, inženerçilik pikirlenmesini kemala getirmek, şeýle hem enjamlardaky näsazlyklary anyklamagyň we olary düzetmegiň amaly usullaryny öwretmekden ybaratdyr.
Kompaniýanyň wekilleri şeýle duşuşyklaryň gatnaşyjylaryň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň giň mümkinçiliklerini açjakdygyna we geljekde isleg bildirilýän hünärleriň birini saýlap almaklaryna ýardam etjekdigine ynam bildirýärler.
Gatnaşyjylaryň sany çäklidir. Hasaba durmak üçin Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 183 salgysynda ýerleşýän «Elektronika dünýäsi» binasyna ýüz tutup ýa-da 14-22-50, 14-22-54, 14-22-55 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem service.center@tehnikadunyasi.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup bolýar.
