Braziliýaly futbolçy Ronaldinýo 11 ýyllyk arakesmeden soň ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. «Altyn topuň» eýesi bolan 46 ýaşly futbolçy Italiýanyň «Seria C» çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň «Forli» toparyna garşy duşuşygynda «Rawennanyň» esasy düzüminde meýdança çykyp, birinji ýarymyň dowamynda oýnady.
Duşuşykda hasaby 36-njy minutda ýer eýeleriniň goragçysy Julio Donati açdy. Bu gol bilen tamamlanan hüjümiň guralmagyna Ronaldinýo hem gatnaşdy. 58-nji minutda hüjümçi Simone Rabbi toparynyň artykmaçlygyny iki gola çykardy. Netijede, duşuşyk «Rawennanyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ronaldinýo duşuşykda 21 gezek pas berdi, şolaryň 17-si takyk boldy. Ol birinji we ikinji ýarymyň arasyndaky arakesmede başga oýunçy bilen çalşyryldy.
2026-njy ýylyň iýun aýynda Ronaldinýo «Rawenna» topary bilen şertnama baglaşyp, klubyň paýnamalarynyň bir bölegini satyn aldy we onuň paýdaryna öwrüldi. «Forli» toparyndan üstün çykandan soň, «Rawenna» 32 utuk toplap, Italiýanyň «Seria C» çempionatynyň ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýär. Topar indiki duşuşygyny 22-nji noýabrda myhmançylykda «Liworno» toparyna garşy geçirer.
