Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda bellenilişi ýaly, şu hepde ýurtda howa -3 gradusa çenli sowar hem-de ýagyşly bolar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +5 gradusdan +10... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +12... +14 gradusdan +17... +19 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3... +8 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +14... +19 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8... +13 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +5... +10 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
