Turkmenportal
15.11.2026
1026510265
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaponiýa Braziliýany ýeňdi, Argentina bolsa Urugwaýdan utuldy
Ýaponiýa Braziliýany ýeňdi, Argentina bolsa Urugwaýdan utuldy

Futbol boýunça Ýaponiýanyň milli ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda Braziliýanyň ýygyndysyndan üstün çykdy. Singapurda geçirilen oýun ýapon futbolçylarynyň 3:2 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Ýaponiýanyň düzüminde Takefusa Kubo (15-nji minutda), Keýto Nakamura (19-njy minutda) we Tasuhiro Sakamoto (90+1-nji minutda) gol geçirdi. Braziliýanyň düzüminde bolsa Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Wini­sius Žunior iki gezek (33-nji we 75-nji minutlarda) tapawutlandy. Şeýlelikde, ol bäş duşuşykdan bäri dowam edip gelýän golsuz tapgyryny tamamlady.

Başga bir ýoldaşlyk duşuşygynda Argentinanyň milli ýygyndysy Urugwaýdan asgyn geldi. Buenos-Aýresde geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşygyň 48-nji minutynda ýer eýeleriniň goragçysy Leonardo Balerdi pökgini öz derwezesine girizdi. 53-nji minutda urugwaýly Maksimiliano Arauho hem tapawutlandy. Argentinanyň ýygyndysynyň ýeke-täk goluny bolsa Hulian Alwares 73-nji minutda geçirdi.