Asly çeçen bolan we Birleşen Arap Emirliklerine wekilçilik edýän garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türgeni Hamzat Çimaýew Abu-Dabide geçirilen «Real American Freestyle» (RAF) erkin göreş ýaryşynyň çempionlyk tituly ugrundaky tutluşygynda amerikaly Kris Waýdmany ýeňdi. Ýarym agyr agram derejesindäki tutluşyk ikinji raundda Çimaýewiň möhletinden öň gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.
Ilkibaşda Çimaýewiň garşydaşy amerikaly Kolbi Kowington bolmalydy. Emma ol şikes alandygy sebäpli tutluşyga gatnaşyp bilmedi.
Çimaýew 32 ýaşynda. Onuň MMA-daky görkezijisi 15 ýeňişden we bir ýeňlişden ybarat.
Başga bir tutluşykda russiýaly MMA söweşijisi Arman Sarukýan braziliýaly Neýman Greýsini ýeňdi. Duşuşyk Sarukýanyň birinji raundda gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.
Russiýaly Zabit Magomedşaripow hem Gruziýanyň wekili Giga Çikadzeni ikinji raundda möhletinden öň ýeňdi.
Erkin göreş boýunça iki gezek Olimpiýa çempiony bolan russiýaly Abdulraşid Sadulaýew Gresiýanyň adyndan çykyş edýän Dauren Kurugliýewden üstün çykdy. Üç raund dowam eden tutluşyk Sadulaýewiň 8:5 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Kurugliýew 2023-nji ýyla çenli Russiýanyň adyndan çykyş edipdi.
