Turkmenportal
15.11.2026
88608860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Dwalişwili Nurmagomedow bilen bolan wakadan soň «RAF» ýaryşynda Moraýesi ýeňdi
Dwalişwili Nurmagomedow bilen bolan wakadan soň «RAF» ýaryşynda Moraýesi ýeňdi

Gruziýaly pälwan Merab Dwalişwili Abu-Dabide geçirilen «Real American Freestyle» (RAF) göreş ýaryşynda braziliýaly Marlon Moraýesi ýeňdi. Tutluşyk birinji raundda möhletinden öň tamamlandy.

11-nji noýabrda russiýaly MMA söweşijisi Usman Nurmagomedow we onuň ýanyndaky birnäçe adam Abu-Dabidäki myhmanhanalaryň birinde Dwalişwili hem-de onuň tanyşyna hüjüm edipdi. Anna güni Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynyň Kazyýet müdirligi Nurmagomedowa we ýene-de ýedi adama alty aý möhlet bilen azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berlendigini habar berdi. Dwalişwili we pälwan Saba Lazişwili bolsa tussaglykdan boşadylyp, 50 müň dirhem (takmynan 13,6 müň dollar) möçberinde jerime salyndy.

Moraýesden üstün çykandan soň, UFC-niň iň ýeňil agram derejesindäki öňki çempiony Merab Dwalişwili myhmanhanada bolup geçen dawa bilen baglylykda tussag edilen adamlaryň azat edilmegi üçin Abu-Dabiniň häkimiýetlerine ýüzlendi.

«Abu-Dabiniň häkimiýetlerine ýa-da bu meseläni çözüp biljek adamlara ýüzlenmek isleýärin. Haýyş edýärin, bu ýigitleri azat ediň, olary goýberiň. Biz diňe türgenler, şeýle ýagdaýlar bolup biler. Men olaryň boşadylmagyny isleýärin. Haýyş edýärin. Sag boluň!» — diýip, Dwalişwili aýtdy.

Usman Nurmagomedowyň dogany Umar Nurmagomedow 14-nji noýabrda geçirilen «RAF» ýaryşynda amerikaly Ýuraýa Feýber bilen duşuşmalydy. Emma onuň ornuna Saba Lazişwili çykyş etdi. 2025-nji ýylyň ýanwarynda eminleriň biragyzdan gelen karary bilen Merab Dwalişwili Umar Nurmagomedowy ýeňip, UFC-niň iň ýeňil agram derejesindäki çempionlyk guşagyny gorap saklady.