Turkmenportal
15.11.2026
2115421154
Eksklýuziw
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen «RAF» ýaryşynyň tutluşygynda Kaýl Deýkden ýeňildi
Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen «RAF» ýaryşynyň tutluşygynda Kaýl Deýkden ýeňildi

Türkmen erkin göreş boýunça pälwany Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşynyň tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolup, tutluşyk Deýkiň 10:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryş 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçirildi. «Cruiserweight» agram derejesinde liganyň häzirki çempiony bolan Deýk bu tutluşykda hem öz çempionlygyny goramagy başardy.

20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu «RAF» ligasyndaky ilkinji tutluşyk boldy.

«Turkmenportal» neşiriniň redaksiýasy Alp Arslan Begenjowa geljekde uly üstünlikleri we täze ýeňişleri arzuw edýär. Şeýle ýokary derejeli ýaryşdaky ilkinji tutluşykda, üstesine-de, häzirki döwrüň iň güýçli pälwanlarynyň biri bilen göreşde ýeňlişe sezewar bolmak ruhdan düşmäge sebäp bolmaly däldir. Ýaş türgeniň öňünde heniz uzak sport ýoly bar. Biz onuň geljekde hem muşdaklaryny ençeme gezek begendirjekdigine ynanýarys.

Ýeňşe bolan ynamyňy ýitirme, Alp Arslan! Tutuş Türkmenistan seniň bilen!