Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanowy bellemek baradaky Permana gol çekdi. Ol bu wezipede Nazar Agahanowyň ornuny tutdy. Bellenilmeginden öň, Süleýmanow «Türkmenpagta» döwlet konsernine ýolbaşçylyk edýärdi.
Terjimehal
Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanow 1987-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda doguldy. 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş.
Zähmet ýoluna 2003-nji ýylda Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Ruhabat etrap kooperatiw söwda taýýarlaýyş önümçilik birleşiginde başlady. 2004-2005-nji ýyllarda «Ahal» söwda taýýarlaýyş önümçilik kärhanasynda taýýarlaýjy bolup işledi.
2010-njy ýylyň awgustyndan 2019-njy ýylyň ýanwaryna çenli Awtomobil ulaglary ministrliginde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2019-2020-nji ýyllarda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ykdysadyýet we maliýe bölüminiň baş hünärmeni, gözegçilik-derňew bölüminiň baş derňewçisi. 2020 — 2022-nji ýyllarda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň gözegçilik-derňew bölüminiň başlygy. 2022-2023-nji ýyllarda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň başlygy. 2024-nji ýylyň fewral aýyndan bäri «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy.
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» we «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
