Turkmenportal
14.11.2026
4447744477
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň täze wise-premýeri Mämmet Akmämmedowyň terjimehaly
Türkmenistanyň täze wise-premýeri Mämmet Akmämmedowyň terjimehaly

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji noýabrda demir ýol ulaglary ministri Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedowy ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu wezipede ol döwlet Baştutanynyň Permany bilen wezipesinden boşadylan Batyr Annaýewi çalyşdy. Degişli çözgütler Hökümetiň nobatdaky mejlisinde kabul edildi, bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Terjimehal

Mämmet Welmämmedowiç Akmämmedow 1976-njy ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda doguldy. 2003-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri — ýylylyk energetikasynyň inženeri.

Zähmet ýoluna 1996-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Baş kombinatynda başlady. 1998-nji ýylyň fewral — awgust aýlarynda «Türkmendemirýollary» müdirliginiň Büzmeýin stansiýasynyň nobatçysy, şol ýylyň sentýabryndan 1999-njy ýylyň fewralyna çenli «Gökje» hususy kärhanasynyň ekspeditory. 1999-njy ýylyň fewralyndan awgust aýyna çenli Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň mekdep bölüminiň instruktory. 2003-nji ýylyň awgustyndan 2006-njy ýylyň sentýabryna çenli S.A.Nyýazow adyndaky Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynda dürli wezipelerde işledi.

2006-njy ýylyň oktýabryndan 2018-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümlerinde dürli wezipelerde işledi. 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary. 2019-2020-nji ýyllarda Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Ulaglaryň we logistikanyň ösüşi müdirliginiň başlygy. 2020 — 2024-nji ýyllarda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň iş dolandyryş bölüminiň başlygy — iş dolandyryjysy. 2024-2025-nji ýyllarda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory. 2025-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.