Turkmenportal
14.11.2026
1770517705
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pakistanda «TikTok» üçin wideo düşürilýärkä gaplaň erkek kişini dalady
Pakistanda «TikTok» üçin wideo düşürilýärkä gaplaň erkek kişini dalady
Surat: gazeta.ru

Pakistanda urkaçy gaplaň «TikTok» üçin wideo düşürilýärkä 19 ýaşly ýigdekçäniň ölümine sebäp boldy diýip, «NDTV» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.

Gaplaň ýabany haýwanlaryň köpeldilýän fermasynda saklanýardy. Polisiýanyň maglumatlaryna görä, surata almak üçin kapasadan çykaranlarynda, ol gözegçilikden sypdy hem-de işgäriň üstüne topuldy. Erkek kişi agyr ýaralandy, ony hassahana eltdiler, emma halas etmek başartmady.

Bloger wakany ýaşyrmakçy boldy, ol ilki fermanyň işgärini it dişländigini aýtdy. Emma hünärmenler ýaş oglany urkaçy gaplaňyň ýaralandygyny anykladylar.

Polisiýa Faýaz atly blogeri tussag astyna aldy. Derňew işleri dowam edýär.