Aýmyrat Amandurdyýewiç Kürtow «Türkmenpagta» döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellenilip, ol başlygyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu baradaky resminama şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda gol çekdi.
Ýeri gelende bellesek, öň bu wezipede Dörtguly Gurbangulyýewiç Süleýmanow bolup, ol Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine bellenildi.
