Turkmenportal
Düýn 17:55
1484514845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanlylar 2027-nji ýylyň tomsunda Lissabonda geçiriljek halkara işewürlik lagerine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmenistanlylar 2027-nji ýylyň tomsunda Lissabonda geçiriljek halkara işewürlik lagerine gatnaşmaga çagyrylýar

2027-nji ýylyň 8-16-njy iýuly aralygynda Lissabonda (Portugaliýa) «GLOBAL BUSINESS WEEK 2027» atly giň gerimli halkara çäre geçiriler. Hepdeligiň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan çagalar we ýetginjekler üçin «International Business Camp» halkara işewürlik lageri guralar.

Lager 6 ýaşdan 17 ýaşa çenli gatnaşyjylar üçin niýetlenip, dynç alşy, bilimi we halkara aragatnaşygy özünde jemleýär. Maksatnamanyň gatnaşyjylara elýeterli bolan esasy ugurlary aşakdakylardan ybaratdyr:

  • MiniBoss – telekeçilik pikirlenmesini, liderlik häsiýetlerini we işewürlik endiklerini ösdürmek. Gatnaşyjylar öz pikirleriniň we taslamalarynyň üstünde işleýärler.

  • Acting Camp – aktýorlyk ussatlygy, emosional intellekti, özüňe bolan ynamy we aragatnaşyk endiklerini ösdürmek boýunça sapaklar.

  • Art Camp – hyýal güýjüni, döredijilik ukybyny ösdürmäge we şahsy aýratynlyklary açmaga gönükdirilen döredijilik ugry.

  • Royal British School – dolulygyna iňlis dilinde geçirilýän ýörite maksatnama. Bu iňlis dilli gurşawa aralaşmaga, hakyky ýagdaýlarda dili tejribede ulanmaga we gepleşikde ynamy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Lageriň maksatnamasy bilim beriji çäreleri, ussatlyk sapaklaryny, toparlaýyn taslamalary, döredijilik işlerini we gezelençleri öz içine alýar. Esasy artykmaçlyklaryň biri hem halkara gurşawdyr. Türkmenistanly çagalar dürli ýurtlardan bolan deň-duşlary bilen tanşyp, janly aragatnaşykda iňlis dilini kämilleşdirip hem-de özbaşdaklyk we özüne ynam babatda gymmatly tejribe toplap bilerler.

Çagalar lageri bilen bir hatarda, uly ýaşlylar üçin hem baý mazmunly işewürlik we medeni maksatnama geçirilýär. Ene-atalar hem-de çagalaryň ýany bilen gidýänler birnäçe möhüm çärelere gatnaşyp bilerler:

  • Global Education Forum – çagalary okatmakda we ösdürmekde häzirki zaman çemeleşmelerine bagyşlanan halkara bilim forumy.

  • Startup World Cup Championship – dürli ýurtlardan telekeçileriň öz taslamalaryny we pikirlerini hödürleýän startaplar çempionaty.

  • World Business Forum – işewürligiň we innowasiýalaryň forumy bolup, onda möhüm ugurlar, hyzmatdaşlygyň we işewürligi ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

  • World Woman Forum – zenan liderligine we telekeçiligine bagyşlanan forum.

  • Global Fashion Show – halkara moda çäresi.

  • Global Country Day – «Parade of Nations» (Milletleriň ýörişini) öz içine alýan medeni maksatnama, onda dürli ýurtlardan gatnaşyjylar öz däp-dessurlaryny we medeniýetini tanyşdyrýarlar.

Şeýlelikde, çagalar öz endiklerini ösdürýän we täze dostlar tapýan wagty, uly ýaşlylar hünär gatnaşyklaryny giňeldip, dürli ýurtlaryň işewürlik we bilim ulgamynyň wekilleri bilen tanşyp hem-de ösüş üçin täze pikirleri öwrenip bilerler.

Guramaçylaryň bellemegine görä, «GLOBAL BUSINESS WEEK 2027» çäresine gatnaşmak türkmenistanly maşgalalara çagalaryň ýokary hilli dynç alşyny we bilimini ene-atalar üçin peýdaly halkara tejribe bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistandan maşgalalar maslahat almak we gatnaşmagyň amatly görnüşini saýlamak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilerler: +993 63 52-06-42; +993 61 34-93-58.