Täjigistan bilen Russiýa Federasiýasynyň gatnaşyklary ähli ulgamlarda okgunly öňe ilerleýär, şol sanda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygy artýar. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Moskwada russiýaly kärdeşi Wladimir Putin bilen duşuşykda aýtdy diýip, TASS ýazýar.
«Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň günsaýyn öňe ilerleýändigi guwandyrýar. Men haryt dolanyşygymyzyň her ýyl ösýändigini we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygymyzyň ýokary galýandygyny aýratyn bellemek isleýärin. Howpsuzlyk ulgamynda hem özara gatnaşyklarymyz oňat ösýär» diýip, Rahmon nygtady.
