Turkmenportal
Düýn 16:52
1217512175
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Samarkantda geçirilen Halkara teatr akustika mekdebiniň jemleýji tapgyryna gatnaşdy
Türkmenistan Samarkantda geçirilen Halkara teatr akustika mekdebiniň jemleýji tapgyryna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary 23-nji oktýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Samarkant şäherinde Halkara teatr birleşikleriniň konfederasiýasy (HTBK) tarapyndan guralan Halkara teatr akustika mekdebiniň (HTAM) dördünji, jemleýji tapgyryna işjeň gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Halkara teatr akustika mekdebi Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýaş režissýorlary, horeograflary, dramaturglary hem-de aktýorlary üçin niýetlenen giň gerimli bilim maksatnamasydyr. Mekdebiň esasy aýratynlygy birnäçe günüň dowamynda okuw işine doly gurşalmagy göz öňünde tutýan ýörelgesidir.

Samarkantda geçirilen maksatnamanyň çäklerinde döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň öňdebaryjy mugallymlarynyň açyk leksiýalary, ussatlyk sapaklary, şeýle hem amaly türgenleşikler geçirildi.

Mekdebiň takmynan 80 diňleýjisiniň gatnaşmagynda 2-nji noýabrda Samarkant şäherinde geçirilen gala-konsert tutuş taslamanyň jemleýji çäresi boldy.