Turkmenportal
Düýn 15:01
88988898
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bolgariýada 80 sany awtoulagyň gatnaşmagynda ýol-ulag hadysasy boldy
Bolgariýada 80 sany awtoulagyň gatnaşmagynda ýol-ulag hadysasy boldy
Surat: 1news.az

Bolgariýanyň «Frakiýa» awtoulag ýolundaky uly ýol-ulag hadysasynda pida bolanlaryň sany 12 adama ýetdi. Bu barada BTA agentligi habar berdi.

10-nji noýabrda Bolgariýanyň Ýambol şäheriniň golaýynda «Frakiýa» tiz hereketli gara ýolunda dumanda 12 adamyň ölümine getiren iki sany ulag heläkçiligi bolup, 50 adam hassahanalara ýerleşdirildi. Olaryň käbir agyr ýagdaýda.

Şol gün ýolda görüş 70-80 metrden geçmeýärdi. Üsti däneli ýük ulagy awtobus bilen çakyşdy. Onuň yzyndan beýleki ýük ulagy hem-de ýeňil awtoulaglar uruldy. Ikinji hadysa garşylyklaýyn ugurda boldy.

Bolgariýanyň hökümeti 11-nji noýabry matam güni hökmünde yglan etdi diýip, «rg.ru» ýazýar.