Hytaýyň gündogarynda bary-ýogy 11 ýuana (1,7 dollar töweregi) ýaşaýjylaryň biri Sallahlar gününde geçirilen söwdalaşykda iki otagly öý satyn aldy. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berdi. 68 inedördül metri tutýan gozgalmaýan emläk Heýlunszýan ülkesiniň Hegan şäherindäki ýaşaýyş jaýynyň ýedinji gatynda ýerleşýär.
Adaty bolmadyk söwda «Alibaba Auction» platformasynda başlangyç bahasy 1 ýuandan 11 ýuan aralygynda guraldy. Ony satyn almak üçin 1,6 müň adam gatnaşdy, emma ilkinji bolup iň ýokary bahany – 11 ýuany teklip eden müşderi öýüň eýesi boldy.
Täze eýesi öýüne hemişelik göçmekçi däl, hytaýly ol ýere gyşyna dynç almak üçin barmakçy. Ýaşaýyş öýüniň bazar bahasy 5,6 müň dollar töweregi, şonuň üçin onuň galan bölegini söwda meýdançasy töledi, täze öý eýesine bolsa, emlägi resmileşdirmek üçin 300 dollar töweregi salgyt tölemek galdy.
