Turkmenportal
12.11.2026
69826982
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Dil – parahatçylygyň köprüsi» atly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn usulyýet maslahaty geçirildi
Türkmenistanda «Dil – parahatçylygyň köprüsi» atly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn usulyýet maslahaty geçirildi

Düýn Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň binýadynda «Dil – parahatçylygyň köprüsi» atly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn usulyýet maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, bu çäre tejribe alyşmak we dil bilimini bermegiň innowasion ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.

Maslahatyň gün tertibine daşary ýurt dillerini okatmagyň möhüm meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda kommunikatiw başarnyklary ösdürmek, iňlis dilini ýörite maksatlar üçin okatmak (ESP), tehniki adalgalary özleşdirmek, medeniýetara dialogy ösdürmek, şeýle hem emeli aňy we sanly platformalary bilim işine ornaşdyrmak ýaly ugurlar bar.

Maslahatyň dowamynda ýurduň 12 sany ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we usulyýetçileri degişli temalar boýunça çykyş etdiler. Gatnaşyjylaryň çykyşlarynda öňdebaryjy milli we daşary ýurt tejribesinden işjeň peýdalanmak arkaly daşary ýurt dillerini okatmagy yzygiderli kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň giň gerimi we netijeliligi aýratyn bellenildi.

Maslahatyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar häzirki zaman dil biliminiň düýpli akademiki binýadynyň, amaly ugra gönükdirilen çemeleşmäniň we öňdebaryjy tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny talap edýändigi barada umumy netijä geldiler. Emeli aňyň we multimediýa serişdelerinden okuw işinde peýdalanylmagy bolsa bilim bermegiň usullaryny her bir talybyň aýratyn zerurlyklaryna laýyklykda guramaga ýardam edýän gymmatly goşmaça mümkinçilikler hökmünde häsiýetlendirildi.

Şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmakda we işjeň ýaşlary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.