Turkmenportal
12.11.2026
70527052
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň parlament işleri boýunça ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň ilçisi Pakistanyň parlament işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow we ilçihananyň birinji sekretary Baýram Ýazow Pakistanyň federal parlament işleri boýunça ministri, Yslamabadyň federal paýtagt çäginde Pakistanyň Musulman ligasynyň (N) başlygy Taryk Fazal Çaudri bilen duşuşdy. Duşuşyk Yslamabat şäherindäki Parlament işleri ministrliginde geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda kemala gelen dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Taryk Fazal Çaudriniň bellemegine görä, şeýle duşuşyklar diplomatik gatnaşyklary ösdürmekde, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ministr Pakistan Respublikasynyň Türkmenistan bilen ýakyn we doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.