Turkmenportal
12.11.2026
1399713997
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Bedew elektronika» dükany meşhur brendleriň harytlaryny hödürleýär
«Bedew elektronika» dükany meşhur brendleriň harytlaryny hödürleýär

Aşgabat şäherindäki «Bedew elektronika» dükany alyjylara dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň hem-de meşhur elektronika brendleriniň harytlaryny hödürleýär.

Dükanda «LG», «Samsung», «Beko», «Bosch», «Hitachi», «Tefal», «Philips», «Xiaomi» ýaly dünýä belli brendler bilen bir hatarda, 80-den gowrak kompaniýanyň 8000-den gowrak görnüşli harytlary jemlenendir.

Täze çykýan elektronika enjamlarynyň we brendleriň Türkmenistanda ilkinji bolup «Bedew elektronika» dükanynda peýda bolýandygyny aýratyn bellemek gerek.

Harytlara görnüşine laýyklykda 1 aýdan 10 ýyla çenli kepillik berilýär. Dükanyň hünärmenleri müşderilere isleglerine we býujetlerine laýyk gelýän harytlary saýlap almaga kömek edýärler.

Şeýle hem dükanda her hepde uly arzanladyşlar yglan edilýär. Arzanladyş barada maglumatlar, şeýle hem hödürlenilýän elektronika enjamlarynyň görnüşleri bilen müşderiler dükanyň sosial ulgamlardaky sahypalarynda tanşyp bilerler.

Satyn alnan harydy eltip bermek we gurnamak hyzmaty mugt amala aşyrylýar. Haryt 2 sagadyň dowamynda müşderiniň eline gowşurylýar.

Salgysy: B. Annanow (Kotowskiy) köçesiniň ugry, 171-nji jaý, «Bedew elektronika» dükany, tel: +993 63 87 55 55; +993 71 96 97 97.