Turkmenportal
12.11.2026
1285112851
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alp Arslan Begenjow «RAF» ýaryşynda Kaýl Deýk bilen tutluşmak üçin BAE-e geldi
Alp Arslan Begenjow «RAF» ýaryşynda Kaýl Deýk bilen tutluşmak üçin BAE-e geldi

Türkmenistanyň erkin göreş boýunça pälwany Alp Arslan Begenjow «Real American Freestyle» (RAF) ýaryşyna gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherine geldi. Bu barada türgen öz sosial ulgamdaky sahypasynda habar berýär.

Begenjow BAE-niň paýtagtyndan düşürilen suratlaryny, Türkmenistanyň baýdagynyň öňünde ýaryşyň resmi sport lybasynda geçirilen fotosuratlaryny, şeýle hem ýaryşyň bildirişine gol çekýän pursadyny görkezýän wideony paýlaşdy.

«RAF Abu Dhabi» ýaryşy 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky «Etihad Arena» sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryş liganyň Ýakyn Gündogarda geçiriljek ilkinji çäresi bolar. Guramaçylar Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti hem-de BAE-niň Göreş federasiýasy bilen bäş ýyllyk hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdylar. Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlanar.

20 ýaşly Alp Arslan Begenjow üçin bu RAF ligasyndaky ilkinji çykyş bolar. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolar. Ol liganyň birinji agyr agram derejesinde (Cruiserweight, 86 kg) häzirki çempionydyr. 35 ýaşly Deýk dünýäniň dört gezek çempiony, şeýle hem Olimpiýa oýunlarynyň iki gezek bürünç medalynyň eýesidir. Ol RAF ligasynda heniz ýeňlişe sezewar bolmady: geçiren alty tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy. Begenjow bilen duşuşyk onuň çempionlyk titulyny nobatdaky gezek goramagy bolar.

Alp Arslan Begenjow täze Olimpiýa tapgyrynda Türkmenistanyň iň geljegi uly ýaş pälwanlarynyň biri hasaplanýar. Ol 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde geçirilen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda 79 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji bolup, Türkmenistanyň taryhynda bu ugurda ilkinji ýaşlar dünýä çempiony boldy. Şol ýyl ol Aziýanyň ýaşlar çempionatynda hem altyn medal gazandy. 2026-njy ýylda türgen 86 kilograma çenli agram derejesine geçip, Bratislawada geçirilen ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Agşamyň esasy tutluşygynda Hamzat Çimaýew çykyş edip, RAF ligasynyň ýeňil agyr agram derejesindäki (Light Heavyweight Crossover) çempionlyk tituly ugrunda Kris Waýdmen bilen güýç synanyşar. Waýdmen şikes sebäpli ýaryşdan çekilen amerikaly Kolbi Kowingtonyň ornuna çykyş eder.

Ýaryşyň maksatnamasyna Arman Sarukýanyň Neýman Greýsi, Umar Nurmagomedowyň Ýuraýa Faýber, şeýle hem Kaýl Snaýderiň Şamil Erdogan bilen tutluşyklary hem girizildi. Mundan başga-da, ýaryşda Abdulraşid Sadulaýew we Jordan Berrouz hem çykyş ederler.