Turkmenportal
12.11.2026
1214612146
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«MESI» HJ Almatyda polipropilen haltalaryny tanyşdyrdy
«MESI» HJ Almatyda polipropilen haltalaryny tanyşdyrdy

Türkmenistanda dokma polipropilen haltalary öndüriji hökmünde tanalýan «MESI» hojalyk jemgyýeti Gazagystanyň gaplamalar, gaplar we etiketkalar boýunça halkara «QazPack 2026» sergisine gatnaşýar.

Sergi 11–13-nji noýabr aralygynda «Atakent» Halkara sergi merkezinde geçirilýär. «MESI» kärhanasynyň diwarlygynda haltalaryň we ýeň görnüşli torbalyk matanyň nusgalaryny synlamak we kompaniýanyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şertler döredilipdir.

«MESI» kärhanasynyň önümçiliginiň binýady: un, şeker, däne, dökün we beýleki ürgün harytlar üçin dokalan polipropilen haltalar we ýeň görnüşli torbalyk mata. Olar ikinji derejeli goşundylar goşulmazdan arassa polipropilenden ýasalýar, ölçegleri bolsa sargytçynyň tabşyrygyna görä saýlanylýar: ini 35 santimetrden 90 santimere çenli, uzynlygy 40 santimetrden 120 santimere çenli, matanyň dykyzlygy bolsa 38-den 120 g/m2 çenlidir. Aşgabatdaky kärhana Hindistanyň «Lohia Corp» kompaniýasynyň liniýalary bilen enjamlaşdyrylyp, aýda 500 tonna çenli önüm öndürýär.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlardan alyjylar üçin «MESI» kompaniýasynyň ýeňillikleri bar: «CT-1» şahadatnamasy bar bolan ýagdaýynda haltalar gümrük pajy salynmazdan getirilýär. Häzirki wagtda kompaniýanyň önümlerini ýedi ýurtdaky hyzmatdaşlara iberilýär: Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Moldowa, Russiýa we Ukraina. Kompaniýa kuwwatyny aýda 1 müň tonna çenli artdyrmagy we uly haltalaryň (big-begleriň) önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär: munuň üçin enjamlar eýýäm getirildi we gurnalýar.

«MESI» HJ-niň habarlaşmak üçin maglumatlary:

  • sales@mesipack.com,

  • tel: +993 61 10 61 34,

  • web-saýt: mesipack.com.