Nepalda ýabany pilleriň sürüsi Kançanpur etrabynda öýe hüjüm etdi, 60 ýaşly zenan heläk boldy. Bu barada «The Kathmandu Post» habar berdi.
Betbagtçylyk sişenbe güni agşam Şuklafanta milli seýilgähiniň çägindäki Tarapur obasynda boldy. Piller oba girip, öýi ýykdylar, şol wagt onda är-aýal uklap ýatyrdy. Piller zenany basgylap öldürdiler diýlip, habarda aýdylýar. Ýerli ýaşaýjylaryň biri wakada Lakşmi Dagauranyň pida bolandygyny, onuň adamsy Mohana gaçyp halas bolmagyň başardandygyny gürrüň berdi.
Wakanyň bolan ýerine harby gullukçylar, polisiýanyň hem-de milli seýilgähiň işgärleri bardylar.
