Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy täze elektron birža söwda ulgamynyň taslamasy bilen tanyşdyrmak maksady bilen dellallar üçin ýörite tanyşdyryş okuwlaryny geçirer.
Bu çäreler biržanyň işini kämilleşdirmek, döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we birža söwdasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde guralýar.
Okuwlaryň dowamynda dellallar täze ulgamyň mümkinçilikleri bilen tanşyp, ony ulanmagyň tertibini öwrenmäge, şeýle hem söwda amallaryny özbaşdak ýerine ýetirip, tejribe arkaly synagdan geçirmäge mümkinçilik alarlar.
Okuw-tanyşdyryş çäreleri 2026-njy ýylyň 16–18-nji noýabry aralygynda, sagat 14:00-dan 16:00-a çenli Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 52-nji jaýynda ýerleşýän binasynyň 2-nji gatyndaky söwda zalynda geçiriler.
Çärelere akkreditirlenen dellallar (brokerler) gatnaşmaga çagyrylýar.
