Turkmenportal
11.11.2026
66806680
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýaş jadygöý hakyndaky filmleriň sazlary Tahyr Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar
Ýaş jadygöý hakyndaky filmleriň sazlary Tahyr Ataýewiň orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanar

8-nji dekabrda Tahyr Ataýewiň orkestri Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda ýaş jadygöý hakyndaky meşhur kino dünýäsine bagyşlanan konsert bilen çykyş eder. Konsertiň dowamynda tomaşaçylara orkestriň ýerine ýetirmeginde täze öwüşgine eýe boljak meşhur saz eserleri hödürlener. Olaryň arasynda özüne çekiji «Hedwig’s Theme» kompozisiýasyndan başlap, jemleýji söweşiň dabaraly we täsirli saz owazlaryna çenli dürli eserler bar. Konsert sagat 19:00-da başlanýar.

Agşamyň maksatnamasyna Hogwartsyň jadydan dünýäsini, Gadagan edilen tokaýyň syrly gurşawyny, kwiddiç boýunça dartgynly ýaryşlary we Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuna beslenen Uly zalyň özboluşly keşbini saz arkaly göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýän eserler girizildi. Konsertde Jon Williamsyň, Patrik Doýlyň, Nikolas Huperiň we Aleksandr Desplanyň döreden sazlary ýaňlanar.

«Bu maksatnama bilen her gezek sahna çykanymyzda, ýaşyna garamazdan, uly-kiçi tomaşaçylaryň gözlerindäki joşguny görýäris. Saz ýaş aýratynlyklarynyň arasyndaky çäkleri aradan aýyrýar we her birimiziň kalbymyzda kiçijik bir jadygöýüň ýaşaýandygyny ýatladýar» — diýip, orkestriň sazandalary belleýärler.

Konsertde orunlaryň sany çäkli bolar. Biletleri 55-90-15 we +993 62 53-28-71 telefon belgileri arkaly öňünden sargyt edip ýa-da satyn alyp bolýar.