Turkmenportal
11.11.2026
98159815
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
HDB Ilze Aýgneri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine hödürledi
HDB Ilze Aýgneri Germaniýanyň Prezidenti wezipesine hödürledi
Surat: tass.ru

Kansler Fridrih Mersiň Hristian-demokratik bileleşigi (HDB) Bawariýanyň landtagynyň (ýerli parlament) başlygy Ilze Aýgneri GFR-niň Prezidenti wezipesine resmi hödürledi diýip, TASS ýazýar.

Mers bu barada Berlinde geçen metbugat maslahatynda yglan etdi hem-de Aýgneriň beýleki partiýalar tarapyndan giň goldawa eýe bolandygyny nygtady. Kansleriň sözlerine görä, döwlet Baştutanynyň kürsüsini zenanyň eýelemegi üçin wagt ýetdi.

Şunlukda, Aýgner Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bütin taryhynda ilkinji zenan Prezident bolup biler. Öň ony goldajakdygy barada Germaniýanyň Sosial-demokratik partiýasy hem ýaňzydypdy.

2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ýurduň Federal ýygnagy nobatdaky Prezidenti saýlamak üçin ýygnanar. Häzirki Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň iki möhletden soňra wezipä dalaş etmäge hukugy ýok diýlip, habarda bellenýär.