Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň nobatdaky 31-nji maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna bardy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň Halkara howa Arkadag menziline bardy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji bilen söhbetdeş boldy. Diplomat Gahryman Arkadagyň türk-türkmen dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly şahsy goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Gahryman Arkadag BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň 1995-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýändigini belläp, şu gezek keramatly ýerde – Türkiýede geçirilýän bu dünýä we umumadamzat ähmiýetli çäräniň üstünlikli geçjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadag saparynyň dowamynda Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygynyň boljakdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň dürli ulgamlarda, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk edip gelýändigini belledi.
Aşgabadyň Halkara howa Arkadag menzilinden Gahryman Arkadagy resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe wagtda soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Antaliýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagy Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.
