Turkmenportal
Şu gün 20:18
15641564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly okuwçy abraýly halkara olimpiadanyň altyn medalyny eýeledi
Türkmenistanly okuwçy abraýly halkara olimpiadanyň altyn medalyny eýeledi

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Özbegistanda geçirilen Abu Reýhan Biruny adyndaky III Halkara himiýa olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň sosial ulgamdaky sahypasy haabr berdi.

3 — 10-njy noýabr aralygynda geçirilen halkara olimpiadada Azerbaýjan, Kosta-Rika, Gruziýa, Ysraýyl, Iordaniýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Mongoliýa, Katar, Russiýa, Saud Arabystany, Täjigistan, Tailand, Türkiýe, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilleri bäsleşdiler. Olimpiadanyň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki S.Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy Pälwan Ilmämmedow altyn medalyň eýesi boldy.

Özbek metbugatynyň ýazmagyna görä, olimpiadanyň netijeleri esasynda gatnaşyjylar 13 altyn, 25 kümüş we 37 bürünç medala mynasyp boldular.